Bu ulanyş şertleri (“Şertler”) iň soňky gezek (2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 16-na) täzelendi.
1. E-Bilim platformasy size degişli bolmadyk wideokursy goýanyňyzda we bu wideokursa başga bir şahsdan närazylyk gelen ýagdaýynda E-Bilim platformasy siziň şol wideokursyňyzy okuwçylara/öwrenijilere görünmesini ýapyp biler. Bular ýaly ýagdaý ýüze çykanda E-Bilim platformasynyň administrasiýasy öwrediji bilen habarlaşar we mesele doly çözülenden soň, ýagny, netijä görä wideokursuň okuwçylara/öwrenijilere görünmesiniň açyk ýa-da ýapyk bolmagyny kesgitlär.
2. Wideokursuňyzy goýanyňyzdan soň, E-Bilim platformasynyň administrasiýasy 24 sagadyň dowamynda barlar, eger-de wideokursuňyz ähli şertlere gabat gelýän bolsa okuwçylara/öwrenijilere görünmesini açyk eder.
3. E-Bilim platformasynda hapa-paýyş sözlerini ulanmak gadagan.
4. E-Bilim platformasynyň hiç bir böleginde Türkmenistanyň kanunyna garşy gelýän maglumatlaryň ýerleşdirilmegine rugsat berilmeýär.
5. Öwrediji E-Bilim platformasynyň her bir böleginde goýan/ýazan maglumaty boýunça doly jogapkärçilik çekýär.
6. Öwrediji wideokursunyň tölegini okuwçylardan/diňleýjilerden öz ylalaşygy esasynda özi alýar, E-Bilim platformasynyň administrasiýasy muňa garyşmaýar. (Öwrediji öz islän ýoly bilen wideokursunyň tölegini alyp biler).
7. E-Bilim platformasynyň administrasiýasy öwredijileriň hereketleri, platforma çykarylýan maglumatlaryň mazmuny barada jogapkärçilik çekenok we wideokurslaryň töleg hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmaýar. Administrasiýa islendik öwredijä platformany ulanmaklygy gadagan etmek hukugyny özünde saklaýar we öwrediji tarapyndan goýulan maglumaty sebäbini beýan etmezden platformada saklap bilýär.
E-Bilim platformany ulanmak bilen ýokardaky şertleri doly kabul etýänliginiň şaýady bolup durýar.