Ulanyş şertleri

Bu Ulanyş Şertleri iň soňky gezek 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda täzelendi.

E-Bilim platformasynyň maksady - täze bilimler bilen durmuşy ýeňilleşdirmek. Biz dünýäniň islendik künjeginde islendik şahsa wideo-okuw kurslaryny döretmäge we paýlaşmaga, bu okuw kurslaryna gatnaşmaga ähli mümkinçilikleri döredýäris. Siziň üçin, özümiz üçin, biziň öwredijiler we okuwçylar bileleşigimiz üçin platformamyzyň we hyzmatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýörite düzgünleri işläp taýýarladyk. Bu Şertler E-Bilim web sahypasyndaky, E-Bilim mobil priloženiýasyndaky we beýleki bagly bolan hyzmatlardaky ähli hereketleriňize degişlidir.

Öwrediji E-Bilim platformasynda kurs goýanynda ähli şertler bilen razylaşmaly.

Mazmuny:

1. Hasap ýazgylary
2. Kursa hasaba alynmak we islendik ýerde elýeterlik
3. Töleg, kreditler we öwezini dolmalar
4. Materiallar we hereket ediş düzgünleri
5. E-Bilimiň siziň neşir edýän materiallaryňyza bolan hukugy
6. E-Bilimi öz töwekgelçiligiňize ulanmak
7. E-Bilimiň hukuklary
8. Jogapkärçilikden boýun gaçyrmak
9. Bu şertleriň täzelenmegi
10. Biz bilen nädip habarlaşmaly

1. Hasap ýazgylary

Platformamyzdaky funksiýalaryň köpüsini ulanmak üçin hasap ýazgyňyz bolmaly. Parolyňyzy ygtybarly ýerde saklaň, sebäbi siz hasap ýazgyňyz bilen baglanyşykly ähli işler üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. E-Bilim platformasyny ulanmak üçin öz ýurduňyzdaky onlaýn hyzmatlar üçin razylyk ýaşyna ýeten bolmaly.

Biziň platformamyzdaky funksiýalaryň köpüsini ulanmak üçin, şol sanda bir kursy satyn almak we kursa hasaba alynmak ýa-da kursy neşir etmäge tabşyrmak üçin hasap ýazgyňyz bolmaly. Hasap ýazgyňyzy gurnaňyzda we ýöredeňizde, dogry elektron poçta salgysyny goşmak bilen takyk we doly maglumat bermeli. Hasap ýazgyňyzdaky ähli hereketler, şol sanda hasap ýazgyňyzy rugsatsyz ulanýan biri tarapyndan dörän zyýan ýa-da ýitgi üçin doly jogapkärçilik çekýärsiňiz. Bu, parolyňyzy ulananyňyzda seresap bolmalydygyňyzy aňladýar. Siz hasap ýazgyňyzy başgalara bermeli däl ýa-da başga biriniň hasap ýazgysyny ulanmaly däl.

Hasap ýazgyňyzyň hereketleri üçin siz jogapkärçilik çekýärsiňiz we E-Bilim giriş üçin hasap maglumatlaryny paýlaşan diňleýjileriň ýa-da öwredijileriň arasyndaky dörän jedellere goşulmaz. Eger-de siz kimdir biriniň hasap ýazgyňyzy rugsatsyz ulanýandygyny bilseňiz (ýa-da başga bir howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyna şübhelenýän bolsaňyz), biziň Goldaw toparymyza ýüz tutup, derrew bize habar bermegiňizi haýyş edýäris. Siziň hakykatdan hem hasap ýazgysynyň eýesidigiňizi anyklamak üçin siz hakynda käbir maglumatlary sorap bileris.

E-Bilim-de hasap ýazgysyny açmak we hyzmatlardan peýdalanmak üçin diňleýjiler we öwredijiler 16 ýaşan ýa-da ondan uly bolmaly. Eger-de siz 16 ýaşdan kiçi, ýöne siziň ýaşaýan ýeriňiziň kanunlaryna laýyklykda onlaýn hyzmatlary ulanmak üçin kesgitlenen iň kiçi ýaşdan uly bolsaňyz, size öz hasap ýazgyňyzy açmak gadagan edilýär, ýöne biz size öz ata-eneňiziň ýa-da hossarlaryňyzyň hasap ýazgysyny açyp bermeklerini we size laýyk gelýän materiallara rugsat almaga ýardam bermeklerini sorap, olara ýüz tutmagyňyzy size maslahat berýäris. Onlaýn hyzmatlary ulanmak üçin rugsat berlen ýaşdan kiçi bolsaňyz, E-Bilim hasap ýazgysyny döredip bilmersiňiz. Ulanylýan düzgünleri bozup hasap açandygyňyz anyklanylsa, siziň hasap ýazgyňyz ýatyrylar. Öwredijiler üçin şertlere laýyklykda, E-Bilimde wideo kursy diňleýjilere ýetirilmezden ozal şahsyýetiňizi tassyklamaklyk sizden soralyp bilner.

2. Kursa hasaba alynmak we islendik ýerde elýeterlilik

Kursa hasaba alnanyňyzda, E-Bilim hyzmatlarynyň üsti bilen kursy görmek (öwrenmek) we diňe şol maksat bilen ulanmak üçin bizden ygtyýarnama beriler. Kurslary geçirmäge ýa-da gaýtadan satmaga synanyşmaň. Kanunçylyk ýa-da syýasatymyz sebäpli belli bir kursy aýyrmak ýagdaýlaryndan başga ýagdaýlarda ulanmak üçin biz size ygtyýarnama berýäris.

Biziň Öwredijiler üçin şertlerimize laýyklykda, haçan-da öwredijiler E-Bilimde kursyny goýanda, olar kursuny diňleýjilere ygtyýarlandyrmak üçin E-Bilime ygtyýarnama berýärler. Bu bolsa, bu kursda hasaba alnan diňleýjilere sapak bermäge hukugymyzy aňladýar. Eger-de siz diňleýji bolsaňyz, mugt ýa-da tölegli okuw üçin hasaba alnanyňyzda, size E-Bilim platformasy tarapyndan kursy görmek üçin ygtyýarnama berilýär. Kurslar size ygtyýarnama boýunça berilýär (söwda esasynda berilmeýär). Bu ygtyýarnama size kursy islendik görnüşde gaýtadan satmak hukugyny bermeýär.

Ýuridiki, has takyk sözler bilen aýdylanda, E-Bilim size (diňleýji hökmünde) ähli tölegleri tölän kurslaryňyza diňe şahsy bilim almak üçin, bu şertlere ýa-da belli bir kurslar bilen baglanyşykly şertlere laýyklykda ygtyýarnama berýär. Biz size, E-Bilimiň ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen, ýazmaça ylalaşykda aç-açan rugsat bermedik ýagdaýymyzda ýaýratmak, geçirmek, satmak, üýtgetmek, döretmek ýa-da islendik kurslary başga görnüşde geçirmek üçin size hukuk berilmeýär.

3. Töleg, kreditler we öwezini dolmak

Hasap ýazgyňyza gireniňizde bahalar Türkmen manadynda görkeziler. Ulanyjylara bahalary beýleki walýutalarda görmek mümkinçiligini hödürlemeýäris.

3.1. Tölegler

Satyn alan kurslaryňyz üçin siz töleg tölemäge razylaşýarsyňyz we bize şeýle tölegleri tölemek üçin kredit kartlaryňyzdan tölemäge ýa-da beýleki töleg usullaryny (mobil gapjyk) gaýtadan işlemäge ygtyýar berýärsiňiz.

Söwda edeňizde nädogry ýa-da rugsatsyz töleg usulyny ulanmak gadagan.

Degişli tölegleri almadyk ýagdaýlarymyzda islendik kursa girişi bloklamak hukugyna eýe bolup durýarys.

4. Materiallar we hereket ediş düzgünleri

E-Bilimi diňe kanuny maksatlar üçin ulanyp bolýar. Biziň platformamyzda ýerleşdirýän ähli materiallaryňyz (maglumatlaryňyz) üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz. Siziň teswirleriňiz, soraglaryňyz, neşirleriňiz, kurslaryňyz we beýleki ýükleýän maglumatlaryňyz biziň, tertip, ynam we howpsuzlyk düzgünlerimize we kanunçylyga laýyk gelmeli, şeýle hem beýleki şahslaryň intellektual eýeçilik hukuklaryny berjaý etmeli. Gaýtalanýan ýa-da düýpli nädogry hereketler üçin hasap ýazgyňyzy bloklap bileris. Biziň platformamyzda kimdir biri siziň awtorlyk hukugyňyzy bozýandygyna göz ýetirseňiz, bize habar ediň.

Siz bikanun maksatlar üçin Hyzmatlary ulanyp ýa-da hasap ýazgylaryny döredip bilmersiňiz. Hyzmatlary ulanmagyňyz we platformamyzdaky hereketleriňiz, ýurduňyzyň ýerli we milli kanunlaryna laýyk gelmelidir. Özüňizi habarly etmek we size degişli kanuny talaplary berjaý etmek üçin siz doly jogapkärçilik çekýärsiňiz.

Eger-de siz diňleýji bolsaňyz, Hyzmatlar siziň hasaba alnan kurslaryňyzyň öwredijilerine soraglar bermäge we kurs synlaryny neşir etmäge mümkinçilik berýär. Käbir kurslar üçin öwrediji öý işi ýa-da synag hökmünde material ibermegiňizi sorap biler. Size şahsy taýdan degişli bolmadyk materiallary goýmaň we ibermäň.

Eger-de siz öwrediji bolsaňyz, platformada neşir etmek üçin kurslary iberip bilersiňiz, şeýle hem siz kurslaryňyza hasaba alnan diňleýjiler bilen habarlaşyp bilersiňiz. Siz iki ýagdaýda-da kanunlary berjaý etmeli we başgalaryň hukuklaryna hormat goýmaly: size öz ýurduňyzda ulanylýan ýerli ýa-da milli kanunlary ýa-da düzgünleri bozýan islendik kursy, soraglary, jogaplary, synlary ýa-da beýleki materiallary ýerleşdirmek gadagan. Platforma we Hyzmatlar arkaly neşir edýän ýa-da iberýän islendik kurslaryňyz we materiallaryňyz üçin siz gönüden-göni jogapkärçilik çekýärsiňiz. E-Bilimde neşir etmek üçin haýsydyr bir okuw meýilnamasyny tabşyrmazdan ozal öwredijiler üçin şertlerde beýan edilen, awtorlyk hukuklary bilen baglanyşykly ähli çäklendirmelere düşünýändigiňize göz ýetiriň.

Eger-de biz siziň kursuňyzyň ýa-da materiallaryňyzyň kanunlary ýa-da başgalaryň hukuklaryny bozýandygyny anyklasak (mysal üçin, intellektual eýeçilik hukugyny ýa-da başgalaryň suratlaryna bolan hukuklaryny bozýandygy ýa-da haýsydyr bir bikanun iş bilen baglanyşyklydygy kesgitlenen bolsa), eger-de biz materiallaryňyzyň ýa-da hereketleriňiziň özüňi alyp barmagyň düzgünlerini bozýandygyny ýüze çykarsak, ýa-da biz siziň materiallaryňyzy ýa-da özüňizi alyp barşyňyzy kanuna garşy, islenilmeýän ýa-da şübheli hasaplasak (mysal üçin, özüňizi başga biriniň ýerine görkezýän bolsaňyz), biz siziň materiallaryňyzy öz platformamyzdan aýyryp bileris.

E-Bilim öz garaýşyna görä şu şertleriň we biziň özüňi alyp barmagyň, ynamyň we howpsuzlygyň düzgünleriniň ýerine ýetirmegini talap edip biler.

Haýsydyr bir sebäp bolan ýagdaýynda ýa-da onuň ýoklugy üçin şu şertleriň bozulandygy sebäpli, eger-de siz öz wagtynda islendik tölegleri tölemedik bolsaňyz, hukuk goraýjy edaralaryň ýa-da döwlet edaralarynyň talaby boýunça, uzak wagtlap hereketsiz bolsaňyz, garaşylmadyk tehniki näsazlyklar ýa-da kynçylyklar sebäpli, eger-de biz bikanun işler bilen meşgullanýarsyňyz diýip şübhelenýän bolsak ýa-da başga bir sebäplere görä siz tarapyndan biziň platformamyzy we hyzmatlarymyzy ulanmagyňyza bolan rugsady çäklendirip ýa-da bes edip, islendik wagtda Siziň hasap ýazgyňyzy bloklap bileris. Şeýle bes edilme ýagdaýynda biz siziň hasap ýazgyňyzy we materiallaryňyzy pozup bileris we biz size platformalara girmegiňizi we hyzmatlarymyzy ulanmagyňyzy gadagan edip bileris. Hat-da siziň hasap ýazgyňyzyň hereketi bes edilen ýa-da togtadylan ýagdaýynda hem siziň materiallaryňyz platformada elýeterli bolup biler.

Eger biziň öwredijilerimiziň birisi siziň awtorlyk hukugyňyzy ýa-da haryt belgisine bolan hukuklaryňyzy bozýan kursy neşir eden bolsa, bize habar bermegiňizi haýyş edýäris. Biziň öwredijiler üçin şertlerimize laýyklykda, biz öwredijilerimizden kanuny berjaý etmeklerini we beýleki şahslaryň intellektual eýeçilik hukuklaryna hormat goýmaklaryny talap edýäris.

5. E-Bilimiň siziň neşir edýän materiallaryňyza bolan hukugy

Biziň platformamyza ýerleşdirýän materiallaryňyza, şol sanda kurslaryňyza bolan eýeçilik hukugyny özüňizde saklaýarsyňyz. Materiallaryňyzy islendik usul bilen, islendik şahslar bilen, şol sanda beýleki web sahypalarynda mahabat arkaly paýlaşmaga biziň hukugymyz bar.

Diňleýji ýa-da öwrediji hökmünde neşir edýän materiallaryňyz siziňki bolup galýar. Kurslary we beýleki materiallary ýerleşdirmek bilen, siz E-Bilime materiallary gaýtadan ulanmaga we paýlaşmaga ygtyýar berýärsiňiz, emma materiallaryňyza bolan eýeçilik hukugyny ýitirmeýärsiňiz.

Materiallary, düşündirişleri, soraglary, seslenmeleri ýerleşdirmek we täze aýratynlyklar ýa-da funksiýalar babatynda islendik pikirleri ýa-da teklipleri ibermek bilen, E-Bilime şeýle materiallary ulanmaga, başga şahslara geçirmäge we öz garaýşyna görä üýtgetmeler we düzedişler girizmäge ygtyýar berýärsiňiz.

Hukuk dili bilen aýdylanynda, haçan-da siz platformany ulanmak arkaly materiallary ibereniňizde ýa-da neşir edeniňizde, islendik paýlaýyş usullary we serişdeleri bilen, siz materiallaryňyzy bize ulanmak, göçürmek, gaýtadan işlemek, uýgunlaşdyrmak, üýtgetmek, neşir etmek we ýaýratmak üçin bütin dünýäde hereket edýän muzdsuz ygtyýarnamany berýärsiňiz.

Bu siziň materiallaryňyzy ýaýratmak, görkezmek ýa-da neşir etmek üçin, şeýle hem materiallaryňyzy marketing maksatly ulanmak üçin E-Bilim bilen işleýän beýleki kompaniýalara, guramalara ýa-da fiziki şahslara materiallaryňyzy bermegi aňladýar. Siziň iberen islendik materiallaryňyzy bize ulanmaga ygtyýar bermek üçin zerur bolan ähli hukuklaryňyzyň we ygtyýarlyklaryňyzyň sizde bardygyny görkezýärsiňiz we kepil geçýärsiňiz. Şeýle hem, size hiç hili öwezini dolujy tölegi tölemezden siziň materiallaryňyzyň munuň ýaly islendik ulanylmasy bilen razylaşýarsyňyz.

6. E-Bilimi öz töwekgelçiligiňize ulanmak

Islendik adam E-Bilim platformasyny kurslary döretmek we neşir etmek üçin ulanyp biler, we biz öwredijilere we diňleýjilere okatmak we öwrenmek üçin özara hereket etmäge mümkinçilik berýäris. Adamlaryň biri-biri bilen habarlaşyp we aragatnaşyk saklap bilýän beýleki platformalarynda bolşy ýaly, käwagt ýalňyşlyklar bolup biler, şol sebäpli siz E-Bilimi öz töwekgelçiligiňiz bilen ulanýarsyňyz.

Siz kursa hasaba duranyňyzda, öwrediji tarapyndan berlen maglumatlara siz öz töwekgelçiligiňiz bilen bil baglaýarsyňyz.

Eger-de siz diňleýji ýa-da öwrediji bilen göni aragatnaşyk saklaýan bolsaňyz, onda şahsy maglumatlary geçirýän wagtyňyzda seresap bolmaly. Diňleýjileriň ýa-da öwredijileriň platformadaky beýleki ulanyjylardan alýan maglumatlary babatyndaky hereketlerine biz gözegçilik edip bilmeýäris. Şahsy howpsuzlygyňyz üçin elektron poçtaňyzy ýa-da özüňiz hakynda başga şahsy maglumatlaryňyzy paýlaşmaly däl.

Biz öwredijileri işe almaýarys ýa-da işden çykarmaýarys, we öwredijiler bilen diňleýjileriň özara hereketi üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Öwredijileriň ýa-da diňleýjileriň özüni alyp barşy sebäpli ýüze çykyp biljek islendik görnüşli jedeller, talaplar, zyýanlar, şikesler ýa-da zeperler üçin jogapkärçilik çekmeýäris.

7. E-Bilimiň hukuklary

E-Bilim platformasy we hyzmatlary, häzirki we geljekki programmalar, şeýle hem işgärlerimiz tarapyndan döredilen logotiplerimiz, kodumyz ýaly obýektler bize degişli bolup durýar. Siziň olaryň işine goşulmaga ýa-da rugsatsyz ulanmaga hukugyňyz ýokdur.

E-Bilim platformasyna, şol sanda maglumatlar bazasyna we biziň Hyzmatlarymyzyň üsti bilen işgärlerimiziň ýa-da hyzmatdaşlarymyzyň iberýän ýa-da üpjün edýän materaillaryna bolan ähli hukuklar, eýeçilik hukuklary we emläk hukuklary E-Bilim we onuň ygtyýarnama berijileriniň aýratyn eýeçiligi bolup durýar we galýar. Biziň platformamyz we hyzmatlarymyz awtorlyk hukugy, söwda belligi we kanunçylygyň beýleki talaplary tarapyndan goralýar. E-Bilim adyny ýa-da söwda belliklerini, logotiplerini, domen atlaryny ýa-da E-Bilim markasynyň beýleki tapawutly aýratynlyklaryny size ulanmaga hiç zat hukuk bermeýär. E-Bilim ýa-da hyzmatlar bilen baglanyşykly berip biljek islendik pikirleriňiz, teswirleriňiz ýa-da teklipleriňiz düýbünden meýletin bolup durýar, we biz şeýle pikirleri, teswirleri ýa-da teklipleri öz islegimiz boýunça hem-de size hiç hili borçly bolmazdan ulanyp bilýäris.

E-Bilim platformasyna we hyzmatlaryna gireniňizde ýa-da ulananyňyzda aşakdaky hereketleriň hiç birini ýerine ýetirmäge hukugyňyz ýokdur:

• ygtyýar almaga, hereket etmegine päsgel bermäge ýa-da E-Bilim platformasynyň köpçülikden ýapyk bolan bölümlerini (şol sanda materiallary saklaýan ýerlerini), kompýuter ulgamlaryny ýa-da E-Bilimiň hyzmatlary üpjün edijileriniň maglumat geçiriji tehniki ulgamlaryny ulanmaga;

• öçürmäge, olaryň işine päsgel bermäge ýa-da platformalaryň howpsuzlyk bilen baglanyşykly haýsydyr bir funksiýalaryny geçmäge synanyşmaga, islendik ulgamymyzyň gowşak ýerlerini gözlemäge, skanirlemäge ýa-da synagdan geçirmäge;

• haýsydyr bir görnüşde hyzmatlary üýtgedilen, nädogry pikirlere getirýän ýa-da görnetin ýalan çeşmesini görkezýän maglumatlary ibermek üçin ulanmaga (mysal üçin, E-Bilim diýlip hasaplanýan elektron poçta habarlaryny ibermäge); ýa-da islendik ulanyjynyň, kompýuteriň ýa-da toruň girmegine päsgel bermäge ýa-da arasyny kesmäge (ýa-da ony synanyşmaga), şol sanda wirus ibermäge, aşa köp ýüklemäge, artykmaç teswir ýazmaga, platformalar ýa-da hyzmatlar arkaly spam ibermäge ýa-da haýsydyr bir başga usul bilen Hyzmatlaryň işine päsgel bermäge.

8. Jogapkärçilikden boýun gaçyrmak

Platformamyzyň meýilnamalaýyn tehniki hyzmat sebäpli ýa-da sahypadaky käbir meseleler sebäpli işlemezligi mümkin. Has takyk sözler bilen aýdylanynda, Hyzmatlar we materiallar “bolşy ýaly” we “mümkin boldugyndan” şertler boýunça berilýär. Biz hyzmatlary ulanmagyňyzdan anyk netijeleri aljakdygyňyzy kepillendirmeýäris. Hyzmatlary (şol sanda haýsydyr-bir materiallary) ulanmagyňyz bütinleý öz töwekgelçiligiňiz bilen amala aşyrylýar.

Biziň gözegçiligimizden daşary bolan, meselem, tebigy betbagtçylyklar; elektrik togunyň, internediň ýa-da telekommunikasiýanyň kesilmegi; ýa-da hökümetiň çäklendirmeleri ýaly ýagdaýlaryň netijesinde hyzmatlaryň islendigini bermekde gijä galan ýagdaýymyzda ýa-da bermäge mümkinçiligimiz bolmadyk ýagdaýynda jogapkärçilik çekmeýäris.

8.1. Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi

Hyzmatlarymyzyň ulanylşyna mahsus bolan töwekgelçilikler bar, meselem, eger-de siz “Saglyk we Öňüni alyş” kategoriýasyndaky materiallara hasaba durýan bolsaňyz, meselem, sport türgenneşik kursyna, we şikes alan ýagdaýyňyzda, siz bu töwekgelçilikleri doly kabul edýärsiňiz we platformamyzy hem-de hyzmatlarymyzy ulanmagyňyz bilen baglanyşykly ýitgi ýa-da zyýan çeken hem bolsaňyz, zyýanyň öwezini dolmak üçin öwezini dolmak talabyny bermejekdigiňiz bilen ylalaşýarsyňyz.

8.2. Ulanylýan kanun we ýurisdiksiýa

Bu şertlerde “E-Bilim” adalgasy ulanylanda siziň şertnama baglaşýan E-Bilim guramaňyz göz öňüne tutulýar. Eger-de siz diňleýji bolsaňyz, şertnamada ulanyljak kanunlar ýaşaýan ýeriňiz boýunça kesgitlener.

9. Bu şertleriň täzelenmegi

Düzgünlerimizi takyklamak, täze ýa-da beýleki düzgünleri hasaba almak bilen (meselem, täze funksiýalary goşanymyzda) wagtal-wagtal bu Şertleri täzeläp bileris, we E-Bilim bu şertleri islendik wagtda üýtgetmäge we / ýa-da üýtgeşmeleri girizmäge bolan hukugyny özünde saklaýar. Haýsydyr bir möhüm üýtgeşmäni girizen wagtymyzda, hasap ýazgyňyzda görkezilen elektron poçta salgysyna habarnamany ibermek ýa-da hyzmatlarymyzyň üsti bilen bildiriş ibermek ýaly belli usullary ulanyp, size elektron poçta arkaly habar bereris. Üýtgeşmeler, başgaça bellenilmedik bolsa, iberilen gününden başlap güýje girýär.

Üýtgeşmeler güýje gireninden soňra hyzmatlarymyzy ulanmagy dowam etmeklik şol üýtgeşmeleri kabul edýändigiňizi aňladýar. Ähli gaýtadan seredilen Şertler öňki ähli şertleriň ýerini tutýar.

10. Biz bilen nädip habarlaşmaly

E-poçta: ebilim.tm@gmail.com | salam@ebilim.com.tm

Telefon: +99363931223 | +99363778849

E-Bilim wideo-okuw platformasynyň hyzmatlaryny ulanýandygyňyz üçin sag boluň!