Jemgyýeti
Kurslar
Ekologiýa howpsuzlygy
Ekologiýa howpsuzlygy kursumyzda tebigatymyza ýetip biljek howpyň öňüni almak barada bolar
0 TMT
Biz barada
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti 1968-nji ýylyň iýul aýynyň 25-ne esaslandyrylyp, 1978-nji ýyldan bäri bolsa "Halkara Tebigaty goramak" guramasynyň (IUCN) ýurdumyz boýunça ýeke-täk agzasy bolmak bilen, diýarymyzyň çäginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça giň möçberli ylmy, wagyz-nesihat, aň-bilim, amaly işleri alyp barýan esasy jemgyýetçilik guramasydyr.
Türkmenistanyň
Tebigaty goramak jemgyýetiniň häzirki wagtda 310 müňden gowrak meýletin agzasy
bolmak bilen, jemgyýet eýýäm 55 ýyldan bäri hereket
edip, tebigaty goramakda we ekologiki jemgyýetçilik seljermelerini geçirmekde
uly tejribesi bardyr.
Şeýle-de, ýurdumyzyň tebigy gözellik ýerlerindäki
ösümlik we haýwanat dünýäsine ekologiki saparlary gurnap olaryň ýagdaýy
dogrusynda materiallary toplamak we seljermek hemde daşky gurşawy goramak
boýunça döwlet edaralaryna degişli teklipleri taýýarlaýar.
Türkmenistanyň Tebigaty
goramak jemgyýeti Hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny goldamak bilen
halkyň arasynda gözel tebigatymyzy aýap saklamak, geljekki nesillermize kämil
görnüşde ýetirmek üçin wagyz işlerini geçirmekde öz goşandyny goşup gelýär.