Maliýe üstünlige tarap
Kurslar
Biz barada
SANLY ACHAR CLUB - bu Türkmenistanyň telekeçiler we biznesmenleri üçin döredilen klub. Bu gurama Hormatly Prezidentimiziň Bilim ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmelerinden ugur alyp, telekeçilere işinde ýardam etmek maksady bilen ýerli işewürler tarapyndan 2021-nji ýylda esaslandyryldy.
Klubymyz telekeçilik we söwda ugurlaryna degişli okuw sapaklaryny online we offline şekilinde hödürleýär. Bu ugurlar sowatlylygyny köpeltmek isleýän watandaşlarymyz özleri üçin rahat bolan wagtda ýörite web sahypamyzyň üsti bilen okuwyny dowam etdirip bilerler. Klubuň maksady türkmen telekeçilerini bir ýere jemlemek we dünýädäki ussat derejä ýeten biznes-instruktorlaryň tejribesini ildeşlerimiz bilen paýlaşmak. Bu goýan maksadyna ýetmek uçin Klub konferensiýalary, halypalar bilen duşuşyklary, terbiýeçilik çärelerini guraýar we geçirýär.