Biz Hakda

Berkarar döwletimiziň Täze Galkynyş we Beýik Özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň sanly bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga bermeginde 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Konsepsiýa kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki, ýagny, sanly maglumatlary öwrenijiler köpçüligine ýetirmek, sapaklara degişli maglumat dolanşygyny kämilleşdirmek we bilim pudagynda sanly bilimi ösdürmekden ybaratdyr. Bu maksatnamadan ugur alyp “Adyl açar” hususy kärhanasy ýaş nesli bilim ulgamynyň sanly elektron görnüşine geçirmek, internet torlarynyň kömegi bilen bilim almaklary üçin mümkinçilik döretmek maksat edinýär. Şonuň üçin biz özümiziň täze taslamamyz bolan “E-Bilim wideo okuw platformasy” taslamasyny halkymyza hödürleýäris.

E-Bilim bu Türkmenistanda açylan ilkinji wideo okuw görnüşli platforma bolup onda ýurdumyzyň islendik ýaşly raýaty özüniň halan we özüne peýdaly sapaklary islän ýerlerinde öwrenip we öwredip bilýärler.

Platformanyň asyl maksady okuwçylary ýokary derejeli mugallymlar bilen duşuşdyryp, olara ýokary derejeli bilim we hünär sapaklaryny elýeterli etmekdir. Dünýäde sanly bilim ulgamy güýçli depginde ösýär. Islän wagtyňda hem islän ýeriňde öwrenip bilmek mümkinçiligi diňe kiçi ýaşly ildeşlerimize dälde, uly ýaşly adamlara hem kämilleşmäge giň mümkinçiliki açýar. Goý E-Bilim platformasy hem siziň kämillige tarap ätjek indiki ädimiňiz bolsun!

E-Bilim wideo okuw platformasy ulanyjylara bilim almaklyk we özüňi kämilleşdirmek üçin aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär:

Köp mukdarda maglumat tapmak mümkinçiligi: Ýagny E-Bilimde dürli görnüşde, köp ugurlardan wideo kurslar bar. Biziň ulanyjylarymyz islän ugurlaryndan öz halan sapaklaryny görüp öwrenip bilerler. Mundan başgada olar platformada döwrebap hünär bilimleriniň okuw kurslaryny tapyp bilerler.

Islän ýeriňizde we wagtyňyzda öwrenip bilmek mümkinçiligi: Beýle diýildigi biziň ulanyjylarymyz bir ýerik gatnamazdan özüne amatly wagtda bilim alyp bilýärler. Bu mümkinçilik platformanyň özenini düzýändir.

Islendik ýaşly öwrenijiler üçin: Platformadaky wideosapaklar islendik ýaşly Öwrenijiler üçin gyzykly hem peýdaly bolup biler.

E-Bilimde kitaphana: E-Bilimde elektron kitaplary özünde jemleýän kitaphana hem bar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän eserler bilen bir hatarda ýaşlaryň bilim almagy üçin birnäçe peýdaly kitaplar hem bar.

Okuw jaýyna taýýarlyk: Ýaşlarymyz platformada Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňde barýan okuw jaýlaryna taýýarlyk maglumatlary tapyp bilerler.

“Özüňi syna” ulgamy: Bu ulgam platformamyzyň öwredijilerine wideosapaklar bilen bir hatarda, okuw kursuna degişli barlagnamalary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. “Özüňi syna” ulgamynyň kömegi bilen biziň ulanyjylarymyz okuw kursunda alan bilimlerini barlap we has-da netijeli berkidip bilerler.

Sözlük we terjime hyzmaty: E-Bilim platformasynyň ulanyjylary tölegsiz görnüşde platformadaky sözlük hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Onuň kömegi bilen türkmen dilinden rus diline, iňlis diline sözleri we sözlemleri terjime etmek hyzmaty döredilendir.

E-Bilimde Öwrediji bolmak
E-Bilim wideo okuw platformasy ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzdaky okuw merkezleri we mugallymlary ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar. Okuw merkezleri we mugallymlar öz wideo sapaklaryny biziň platformamyza ýükläp öz okuwçylarynyň sanyny we girdejilerini köpeldip bilerler. E-Bilim platformasynda islendik adam öz başarnyklaryny wideosapak görnüşinde öwredip biler. Wideosapaklaryň ýany bilen mugallymlar okuwçylaryna goşmaça bilim maglumatlaryny saklaýan dürli görnüşli faýllary hem ýetirip bilerler.

E-Bilimde “Öwrediji” bolmak üçin indiki şertler berjaý edilmelidir:

• Agza bolmak.

• SMS ýa-da Email arkaly tassyklanmak.

• Öwrediji formasyny doldurmak.

• Platforma wideo sapaklaryňyzy ýüklemek.

Wideosapaklaryňyz şertlere laýyk gelenden soň tassyklanar we platformada görüner.

Ebilim platformasynyň Öwredijilere birnäçe peýdaly taraplary bar:

Wagtyňyzy tygşytlamak
Siz haýsy hem bolsa bir sapagy wideo düşüreniňizden soň ony gaýtalap öwretmegiň zerurlygy ýok. Wideosapagy bir gezek düşüreniňizden soň sapaklary müňlerçe okuwçy görüp bilýär. Sapagy beýle öwretmegiň gowy taraplarynyň ýene biri hem okuwçy wideosapagy birnäçe gezek gaýtalap görüp, öwrenen zatlaryny berkidip bilýär. Bu bolsa mugallymyň wagtyny tygşytlamaga we onuň kämilleşmegine gaty uly kömek edýär.

Okadyp biljek okuwçylaryňyzyň sany çäklendirilmedik.
Adaty ýagdaýda synpda ýa-da başga bir ýerde okadanyňyzda şol bir wagtyň özünde belli bir okuwçy sanyndan artygyny okatmaga mümkinçiligiňiz bolanok. Emma E-Bilimiň kömegi bilen islendik mukdarda okuwçy okatmak mümkinçiligiňiz bolýar.

Goşmaça girdeji edip bilmek mümkinçiligi
E-Bilim wideo okuw platformasynyň Öwredijileri öz başarnyklaryny we bilimlerini wideosapaklara düşürip paýlaşyp bilerler. Olara öz okuw kurslaryna nyrh kesip girdeji etmek mümkinçiligi hem döredilendir.

Sanly ulgam arkaly wideo aragatnaşyk
Mundan başga-da sanly ulgam arkaly wideo aragatnaşyk ulgamy dörediler. Onuň kömegi bilen bilim ulgamynyň mugallymlary we hünärmenleri özara ýygnaklary, konferensiýalary we açyk sapaklary sanly ulgamda gurnap bilerler.

Bilim ulgamyndaky edara-kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk
E-Bilim wideo okuw platformasy bilim ulgamyndaky edara-kärhanalary ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar. Hususan-da ýurdumyzyň okuw merkezleri, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleri we ýokary okuw jaýlary özündäki bilim maglumatlaryny köpçülige ýa-da öz ulanyjylaryna ýetirmek maksady bilen biziň platformamyzda ýerleşdirip bilerler.

E-bilim wideo okuw platformasy gelejekde
Gelejekde E-Bilimi dünýä ýüzüniň bilim höwesjeňleriniň portaly derejesine ýetirmeklik meýilleşdirilýär. Onda diňe wideosapaklar bilen çäklenmän Türkmenistandaky we dünýädäki ylmy habarlar ulanyjylarymyza ýetiriler. Kiçi ýaşly jigilerimiz üçin bolsa uly bolmadyk özüňi kämilleşdiriji oýunlary ýerleşdirmeli.

Indi goşulmaly mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky çat funksiýasy hem E-Bilimdäki okuw kurslarynyň hilini artdyryp, öwrenijilere alan bilimlerini has gowy özleşdirmäge kömek eder.

E-Bilim wideo okuw platformasy ýurdumyzyň dürli görnüşli bilim edaralary bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk edip, olaryň sertifikatly okuw kurslaryny özünde ýerleşdirmegi maksat edinýär. Hem-de daşary döwletlerdäki öňdebaryjy okuw jaýlarynyň okuw sapaklary, ýokary derejeli mugallymlaryň wideo we onlaýn sapaklary biziň ildeşlerimize ýurtdan çykmazdan elýeterli edilmegini gelejekde maksat edinýäris.

Bulardan daşary ulanyjylara has gowy hyzmat etmek üçin emeli aň funksiýasyny goşmaklyk hem meýilleşdirilýär.